Hudaýyň etmedik işi

El çarpmasaň ýalanyna ýalançyň,
ýa çykmasaň wagtal-wagtal münbere,
goldan bolup ýalançyny, il ýaly,
ýüz ýyl bäri ata-baba ýörelgäň,
din-imanyň gorky bilen uýulan,
öýüňde namazly, işde ateist,
a soňundan tersi, gizlenip içip,
oýnamasaň oýny bilen köplügiň,
garaşarlar dymmagyňa iň bolman,
ýüzünden ýörelse aglama derek,
ýalandan ýylgyrýan aşakda, ejiz,
alaçsyz tiräniň agzasy bolup,
o bolmasa, çagyrarlar edepli,
duýdurarlar näme gowy seň üçin,
çagalaryň üçin, diňe özüň däl...
Bu oýuny kim bilmeýär sorasaň,
hem diýýärler allaň özi gorasyn!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024