Öldürilen esger bilen edilmedik gürrüň
A slave is one who waits for someone to come and free him. Ezra Pound
Näme üçin ölmeli sen serhetde,
esger bolsaň, watan gorap, ýaragsyz,
dogmadyk çagaňy galdyryp ýetim,
ogry-jümri soraýarka ýurduňy,
näme üçin ölmeli sen ýaragsyz,
näme üçin dul goýmaly gelniňi,
ýa-da çyndan ynanýarmyň habara,
başyndan aýaga toslama, ýalan,
näme üçin ölmeli sen armanly,
ogry-jümri bolsa paýtagtyň alan?