Soralmaýan sorag

Garyplygy getirdiler zor bilen,
karam oýnap gije-gündiz, ýaltanman,
polisiýa, KGB-ni küşgürip,
diýdirdiler il-ulusa 'dat, aman!',
ýok etdiler iki-ýeke durany
öz sözünde, messebinde, lebzinde,
az göründi ogry-jümriň urany,
iň edenli boldy talan ýurduny,
mätäçligi getirdiler zor bilen,
ýer sermenýär ogurlyga girmedik,
goşulmadyk nöker bolup garakça,
bir döwlet däl, hökümet däl, eý, alla,
ogurlandy iliň umydy, ertir
näme bolar, nädip ýaşar çagalar?
Bu soragy ne soraýar ýaşkiçi,
ne-de berýär ak sakgally agalar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024