Goşgy ýazýanyň derdi

Goşgy ýazylmaýar öwünmek üçin,
öwülmek üçin-de ýazylmaz şygyr,
baýrak üçin, at üçin däl, hakyky,
hakdan gelen goşgy ykrar etsinler,
çap etsinler diýip ýazylmaz asla,
görünse-de käte igenýän ýaly,
aýyplaýan ýaly başgany, toslap,
ýa-da kesä çekip sözi, durmuşy,
ýazylmaýar goşgy igenmek üçin,
gaharly, ýangynly bolsa-da käte,
ýüregin tütedip, ýazan adamyň,
köýük ysyn getirse-de burnuňa,
ýazylmaýar goşgy ýagtyltmak üçin
başga birniň yşyksyz, tüm ýoluny,
soralmadyk zady aýdyp, elenip,
adam için, duýgusyny paýlaşar,
kimmiş diýmän okajak ýa diňlejek,
goşgy ýazýan gaýgy etmez özgäni,
elden gelse, bolar özi ýeňlejek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024