Täze ýyl goşgusy
Şükür, şindi adamlar bar,
okap bilýän, ýazyp bilýän,
bilýän näme dogry sözlem,
eýe näme, işlik näme,
düşüm näme, düşünýän bar,
görýänler kän, ara açyk,
sahna näme, durmuş näme,
gutuljak ýok uzak gaçyp,
şükür, TW, gurjaklar däl,
uçdantutma il-ulusym,
çörek atly, pyýada kän,
ýatmajak bar indi busup.
Şükür, bolar, herekete
bereketdir dünýe döräp,
biz bu güne ozal-başda
maşynly däl, geldik ýöräp.
Ýene durman ýöremeli,
bolmaz hemme bolsa gurjak,
şükür, şindi adamlar bar,
adam ýaly turjak, durjak!