Raýat pozisiýasy

Degirmende doglan syçan
gök gürlände gorkmaz oglan,
ýöne eger gorky-ürki
ýüzi bolsa zamananyň,
ýa-da bolsa ýalňyz şerti,
gorkan bolup dymmaly sen,
gülmeli sen gül diýseler,
görkezmeli çöwrüp jübiň,
gerek ýene pul diýseler,
çäre üçin nobatdaky,
emma beýtseň – beter bolar,
karz almaly gerek puly,
ýa satmaly öýüň goşun,
nätejek kiçi bolsa uly?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024