Täze ýyl goşgusy
Agyr gelen ýylyň aýagyndaky içgepletme
Ýesir düşen ili, niýeti-päli
el-aýagyn daňyp, güýlüp atylan,
nädip halas etjek nyrhyn soraman,
öňýetene mugtdan arzan satylan,
işleýän ilgezik özüne garşy,
dur diýseň çarbaýlap, gykylyk etse,
kömek etjek bolsaň, aslyşyp arşy,
üstüňden gaçyrsa, eger el ýetse?
Ýa bu özün aklaýanyň agysy,
çarbaýlygy kynçylykdan gaçýanyň,
ili halas etmek başartmaz, belki,
başartmaz hassany bejermek, näsag
derdiň tarapyna geçse meýletin,
ýöne eger haýpyň gelse janyňa,
sen bir geçme iliň bilen birlikde,
ili gyran biparhlygyň ýanyna.
Dogry, güýçler bolup biler deň bolman,
dogry, ýeke galyp bolar söweşde,
ýa oýunyň bolman biler düzgüni,
garalarlar ataň, babaň, neberäň,
gerek sözi çekip alyp diliňden,
ýöne hiç kim, ýaşamasaň mynasyp,
mynasyp gitmegi almaz eliňden.
Diýmek, durmak borjuň bolar geleňsoň,
böwregini bökdürme sen duşmanyň,
het etmesin hiç kim hatda öleňsoň.