Milli dert

Men, men, men,
eger-eger, gepleme sen,
düşjek bolma menden öňe,
men esasy, men bar diňe,
ýagyş ýagsyn, burasyn gar,
gurak gelsin ýylyň ýyly,
ýa gysylyp dört tarapdan,
goý, inçelsin iliň ýoly,
men, men, men,
çeniňi bil, gepleme sen!

Men, men, men,
iň owadan, iň asylly,
boýum uzyn hemmäňizden,
aklym uzyn iň esasy,
boýun alman hakykaty,
mundan aňryk bolmaň asy,
akly kelte, gedemjeler,
men bir deňiz, siz - damjalar,
iň erbedi – içiňizde
tämizlik ýok, durjak, galjak,
tot-tozana çümen, hapa,
emma ýene şöhrat gözläp,
kakýarsyňyz goýman gapy,
hem bilýäňiz olam gara,
bulam gara, baksaň siňe,
agyňyz ýok ýeke, ýarpy,
hem Eflatun gürleseňiz,
ýazyp-ýazman ilki harpy.

Men, men, men,
meniň atym iň owadan, iň ýüwrük,
meniň itim iň wepaly, iň üýrek,
eşeklerim iň aňňyrak dünýäde,
haýsy birin aýdyp, sanap çykaýyn,
mysal üçin, özüm iň beýik däde!?

Men, men, men...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024