Guluň guly
Olam boldy hojaguly,
bulam boldy hojaguly,
gygyrdylar ondan, mundan:
haý, ýetişiň, möjek geldi,
urdy, çapdy sürimizi,
barsak, görsek, ýalanam däl,
ýöne bu gün gowy diýlen,
ertir görseň çykýar betpäl,
tilki, şagal, böri bolup,
arslan bolup oýnaýar il,
bir-birine emel salyp,
biri-birin itip gorpa,
biri-birin iýýär doýman,
ugrun tapsa, bolsa goýman,
tans etdirip garyp günde,
ulymyz ýok, kiçimiz ýok,
sen şermende, men şermende,
a netije - olam guly,
bulam guly, ygtyýarsyz,
hem hämmämiz guluň guly.