Bilmeli zadyň
Çyn agyrdar il içinde aýdylsa,
ýa ikiçäk ýüze gelse doganyň,
deger ol çetiňe, sypaýy, göni,
ýa aýdylsa juda daşdan aýlanyp,
ýöne çyn däl, eger siňe seretseň,
iň agyr agyry ýalandan geler,
ejeň ýa-da eneň pahyrdan başlan,
şirin-şeker hüwdi ýaly, allalap,
huwwalap batyrýan iň süýji uka,
galat seni eder goragysyz, ýuka;
çyn agyrdar haýsy-haçan, kim diýse,
ogul-gyzyň, garry ataň ýa kakaň,
emma sen bilmeli özüňi aldap,
göterilmez ýüki alýanyň arka,
düşünjek bolmaly çynyn aýdana,
kynam bolsa, heniz aýdyjy barka.