Täze ýyl goşgusy

Bu ýer çukur, bu ýer girdap, bu uçut,
aýtjak bolsaň, diýip: 'diýýäniň näme?',
bir topar çaýyrçy galýar garşyňdan,
'niýetimiz gowy, pälimiz gowy,
alla berdi gözel ýurdy, baýlygy,
genji-hazynasy egzilmez, bitmez,
sen bulajak bolma gül ýaly ili,
tüweleme, bar milletiň aýlygy'...

Ýokarda şa, her edara, kärhana
döredip özüniň kiçijik şasyn,
aýtjak bolan, diýjek bolan basyldy,
pikir etjek bolan edildi asy,
aýak depen darsyz, ýüpzüs asyldy.

Gowuragy diýdi: 'ýalňyşdy, pahyr',
betpygyllar 'geregi şol' diýdiler,
ýurt Zöhre däl, a sen dälmişiň Tahyr,
pikir etmän, ýüňmi, ýüpek geýdiler,
soň gitdiler gezegine zyndana,
indi başga heňi çalýar jemagat:
'ýok, bolmady aýdan, diýen wagtynda,
edenini edip, gelen tagtynda,
çukur gazýar, itýär ili uçutdan,
bu bir girdap, halky agdaryp atdan,
hendegine zyňýar goja taryhyň,
ýokmy ilde ile jany agyrýan?',
iş edýän däl, bolap barýar bagyrýan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024