Gedaý döwlet

Ogry döwlet, gedaý döwlet, aç döwlet,
talanan milleti talaýar doýman,
ýüz ýyl boldy, saklanmady, durmady,
goýnuň bolsa alýar, guzusyn goýman,
geçiň bolsa alýar, owlagyn goýman,
alýar düýäň bolsa, köşegi bilen,
ýekeje ýyl saklanmady, durmady,
goluny gowşuryp, garyby soýman,
indi gezek ýetdi jüýjä, towuga,
ogry döwlet, gedaý döwlet, aç döwlet,
daňýar ili açlyk bilen sowuga.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024