Oýnatgy meselesi

Aýdylypdyr – ýel ber ilki mazaly,
soň eline pil ber däliň ullakan,
ýöne, walla, eger-eger ynanma,
ol hemişe gum sowurar kesekä,
näme diýseň diýip başga birine,
ile aňsat salyp bolsa adamy,
salyp bolar ertir aňsat pirine,
hudaýyna garşy, bar bolsa eger,
piliň sapy gelip özüňe deger.

Çekil göterimden, kim bolsa bolsun,
gaç oýnatgy bolsa alla, baş alyp,
bu gün ursa kesek bilen başgany,
urar seni ertir hökman daş alyp!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024