Tussag we terrorçy döwlet
Adam pikir etdi, garaşdy uzak,
umyt etdi çagalary, aýaly,
hemmeler bilýärdi, ýokdy günäsi,
aç-suwsuz, sowuga atylar ýaly,
ýok, görerler diýdi, ýalňyşdy biri,
düşünmezlik boldy, çykaryn diri,
eger-eger ynanasy gelmedi,
beýle işi etjegine döwletiň,
üstesine galjagyna tobasyz,
umyt etdi gabrynda-da – aklarlar,
düýşlerinde garşy aldy obasy.