Öldürilen ynam

Öldürilen milli ynam, gynalyp,
iki ýyl däl, otuz ýyl däl, has uzak,
tur, gal diýip, guma bulaşyp ýatman,
haýbat bilen dikeldilip bilermi,
ýa oň özi gapy kakyp, gelermi?

Taryhçysy ýoýup ýazsa taryhy,
o gün eýle, bu gün beýle, buýrulsa,
ýazyjy-şahyry ýalançy bolsa,
iki günlük kürsi üçin erkekler,
öz-özüne syrtmak salyp bogulsa,
bogsa ilin dar astyna gelýänçä,
hukuk fakultetin gutaran kileň,
basgylajak bolsa kanuny bilip,
ýa komsomol, Lenin babaň zürýady,
iki ýüzli kommunistler, meýletin,
mejbur bolup satan biri-birini,
a soň iliň kädä gabap pirini,
dempartiýa agza bolsa gyssanmaç,
ýa agzasy telekeçi partiýaň,
gözüni çykaryp teleke işiň,
bir-biregiň döwüp iň sagat dişin,
hökümete arka diräp urmaly,
talamaly talap bolýan ýer bolsa,
a soňundan beýik metjit gurmaly...

Saňa näme türme dolsun, gowzasyn,
ýüz müňlerçe ildeş geçsin içinden,
on müňlerçe öý ýykylsyn, depilsin
maşgalanyň, çagalaryň ýüzüne,
hemem hiç kim hiç halatda, ýalňyşyp,
ynanmasyn dost-doganyň sözüne,
hökümetdiň gürrüňi ýok, gepi ýok,
ýa ynanan bolsun, bähbidi üçin,
dikeldip bolarmy ölen ynamy,
öldürilen pyçaklanyp arkadan,
suwdan çykyp, dolanarmy irde-giç,
öz-özüni, elin daňyp gark eden?

Okuwçysy okuwçy däl milletiň,
gorkusyna sorag berip bilmeýän,
öwrenmedik näme okuwçy bolmak,
baş atmagy, ýylgyrmagy öwrenen,
bolup bilse biri bolup mähelläň,
gorpa bökýän bir-biriniň yzyndan,
dikeldip bolarmy ölen ynamy,
aýyp gözläp goňşularyň gyzyndan,
a tapsaň ýylgyryp, aglamaň ýerne,
başa bela gelmez bozulmasa päl,
dirildip bolarmy ýok bolan ili,
özüňe ber bu soragy, maňa däl!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024