Täzelenen köne goşgy

Ömür ýoly – çarkandak kän,
ýöremeseň, seniňki däl!
Seniňki däl ak takyrlar,
hemem kötel dag ýodasy,
çöl ýodasy, çäge basan,
galdyrmasaň daşlaryny,
aýyrmasaň çamyrlaryn,
çytyp geçip gaşlaryňy,
seniňki däl, başganyňky,
göter mundan goşlaryňy.

Seniňki däl gözleriň seň,
öz ýoluňy görmeseň hiç,
seniňki däl sözleriň seň,
bermeliňe bermeseň hiç,
aýdyp bilmän öz wagtynda,
aýaklaryň seniňki däl,
gitmeliňe gitmeseň hiç,
seniňki däl elleriň-de,
tutmalyňy tutmasaň hiç.

Seniňki däl ýüregiň seň,
öz çagaňa agyrmasa,
seniňki däl kelläň hatda,
düzüw ýola çagyrmasa,
seniňki däl ömür - bussaň,
seniňki däl ömür - sussaň,
seniňki däl gözýaşlaryň,
aglamasaň adam üçin,
seniňki däl uruşlar-da,
ýetim çaga, dul aýallar,
ýeňişler-de seniňki däl,
seniňki däl ýeňilişler,
talaňçylyk seniňki däl,
seniňki däl ýagşy, ýaman,
sebäbi sen özüňki däl!

Ömür ýoly – çarkandak kän,
tot-tozanly hemem batga,
emma palçyk seniňki däl,
hiç aýagyň batyrmasaň,
gitjek ýa-da geljek bolup,
seniňki däl hapa, kirşen,
seniňki däl tämizlik-de,
seniňki däl däli derýa,
dag çeşmesi, syzyp çykan,
teşneligiň bilmeseň hiç,
eňek basyp ir ýa-da giç,
gandyrmasaň özüň suwdan,
seniňki däl köne ýyllar,
seniňki däl Täze ýyl-da,
seniňki däl ýaşaýyşyň,
kyn ýa aňsat, ýapyşmasaň,
görjek bolup için, daşyn.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024