Pes beýiklik
Sen özüňi götergiläp,
ýa galdyrdyp ýokarlaryk,
göterlesi gelýän pese,
güp ynanyp hiç içden däl,
dil ujundan gelýän sese,
beýik bolup bilmersiň hiç,
eger bilseň ir ýa-da giç,
il ýüküni alyp egne,
beýik bolup bilýäň diňe,
ýok entek hiç beýik bolan,
çöpe busup, diýip öňe!