Parhsyz goşgy

Dost-dogan ýa obaň, iliň,
parhyna almasa seni,
öldürseler, ýitirseler,
ýorgan edip gara güni,
ýapynyp baş, aýagyna,
ogul-gyzyn eltip berip,
hökümetiň taýagyna,
tans et diýse, tansyn edýän,
aýdym aýdýan aýdym diýse,
bugdaý ekip ýazda, güýzde,
gara gyşda özün iýse,
düşün, seniň üçin däldir,
pelle-pelle düşen aşak,
bilýän ýaly bolsa-da, kän,
başarmasa bilin guşap,
alajy ne, bilmedik bor,
ölseň, ýitseň, gelmedik bor,
hem parhyna almaz özün,
dok bolan bor bolsa-da hor,
goý, suwarsyn, örňetsin şer,
sen goşulma sürse, ekse,
ýa ekmese, onuňky ýer.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024