Jellat bagty
Döwlet üçin pidalar däl, jellatlar,
olaryň yzynda galanlar möhüm,
ölen öldi, öldürilen yzynda
galanlar aç-suwsuz öldi ýa galdy,
bu möhüm däl döwlet üçin, sebäbi
iň möhümi jellatlaryň çagasy,
belki, gowy mekdeplerde okanlar,
ulalanlar bol saçagyň başynda,
barmagyn çaňňalak ýa aýaz ýarman,
wezipeli bolan gerekli wagty,
gerekli ýerinde tapylyp häzir,
ýerine ýetirýän ne diýseň durman,
birden olar urulmasyn, ölmesin,
çekmesin yzynda galanlar arman.