Sen žurnalist


Sen žurnalist, il-günüňden
ogurlanan puluň, malyň
yzyn çalsaň, öldürerler,
güldürmezler, ýüze gelip,
dil uzatsaň azan hana,
il sergezdan, kümsügi kän,
öldürýäne diýer jana...

Belki, muňa ilki gowy düşünmän,
sada, oglan göwnüň bilen gelýärsiň,
soň düşünýäň ýok edilen ärlere,
hökümetiň eli uzyn, bilýärsiň,
eger gaçsaň, bagtyň çüwüp uzaga,
öldürerler seniň eneň-ataňy,
yzda galan naçar, ýesir, çäresiz,
a kärdeşler hat ýazarlar: ha-ha-ha,
ýat illerde, jibrin-jibrin ölýärsiň;
sen žurnalist, jogap berip bileňok,
ýöne işiň etseň her gün azajyk,
agyň kesip, az-da bolsa gülýärsiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024