Ýazylmadyk aýdym

Agyryňy, kimem bolsaň,
diliň bolup, eliň bolup,
janyň bolup içde häli,
huşuň bolup başda häli,
özüň aýdyp bilmeseň hiç,
dil bilmeseň, hat bilmeseň,
ýa-da bilip, het etmeseň,
ýa garaşsaň alla, geler,
goldar diýip ir ýa-da giç,
belki, alla bakar saňa,
sag adam däl, göýä däli,
daş-töwerek, goňşy-golam,
bolup bilse özüň ýaly,
ölseň - götererler egne,
adam ýaly äkiderler,
gowşurarlar gerek ýerne,
soň diýerler: wah, gowudy,
hudaýa-da gerek ýagşy,
bu bir aýdym, ýazylmadyk,
aýtmaly kän, bolsaň bagşy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024