Ile bolan zat
Ata-babaň gylyç syryp gazanan
azatlygyn, erkinligin, topragyn,
gylyç syryp, gorap bilmeseň eger,
ýa ýeňilseň, yza galyp ýaragda,
ýaýdan çykan okuň özüňe deger,
gylyjyňy elin iberip ussa,
ýasadarsyň deregine aşpyçak,
atyňy alarlar, bogarsyň agyň,
ýaşulular, köpi gören, öwreder,
içi aman diýip daşyndan ýagyň,
diýmek, gulluk etmelisiň partiýa,
dilini öwrenip duşmanyň gowy,
öz-özüňi ogurlaňsoň ymykly,
gaçar, oglan, kem-kem murtuňyň towy,
iň esasy çagalarym, aýalym,
horluk näme, diýseň, bilmän ulalsyn,
olar ýurdy goramagyň ýerine,
diýer ertir ile näm bolsa bolsun.