Migrant masgaraçylygy

Oba-şäher, tanyş-biliş, ýüzde-göz,
toýy, ýasy millet edýär milleti,
baryş-geliş, azam bolsa gatnaşyk
ysnyşdyrýar däp-dessury, saçagy,
adam bolan diýmesizi diýmeýär,
saklaýar içinde kine, gaharyn,
sypdyrmajak bolýar geleni dilden,
gybat etse, töhmet atsa utanýar,
näme diýer diýip, çekinýär ilden,
emma ilden aýrylanda ejizler,
aýralygy götermeýär, belki-de,
tanasyn ýa tanamasyn ýakyndan,
agzyna gelenin diýýär her kime,
başarsa, çykardyp gylyjy gyndan,
aralygy bulaşdyrýar has beter,
gaçyrýar milleti biri-birinden,
dili ýeten ýerne ýaýradyp heder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024