Tarap meselesi
Utanmasaň hezil, belki,
hemme zady aýdyp bolýar,
diýip bolýar ähli sözi,
açlyk bolsa, dokluk diýip,
arlap bolýar gyrpman gözi;
a soňundan ýylgyrmaly,
ne ýalandan, ne-de çyndan,
goý, agzyny, ýüzün tutsun,
aç galanlar utanjyndan,
ýa-da geçsin o tarapa,
ýaşmagyny ýyrtyp, taşlap,
hem gygyrsyn dokluk diýip,
aç diýýäni urup, daşlap.