Surat

Maýk Taýsondan alnan goşgy

Şükür, adam ýetdi ahyr arzuwa,
sosial media sag bolsun, dursun,
sebäbi ol, göni ýa-da bukulyp,
islän gürrüňiňe sümüp, sokulyp,
daşmy-kesek atar ýaly her kime,
a soňundan oturmaga dokunyp,
ýüzüň kessir urulmagyň ýerine,
mümkinçilik berýär, düşündi millet,
geregi ýok, walla, kelle agyrdyp,
çözjek bolmak meseläni, çigişen,
çyrşa tapan ýürekbulanç sözleriň,
gaharly ýa bolan bolup degişen,
hiç deregiň, ugur-utgaň bolmasyn,
goý, bisowat diýsin okan ýa diňlän,
çykyp gürrüň etseň, kelläň ýitirip,
özüni iýmesin kelleli ýek-tük,
telper eken diýip ilim, ulusym,
şükür, adam ýetdi ahyr arzuwa,
gerek däl sylamak kiçi, ulusyn...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024