Birleşmek meselesi

Eger iller basyp geçse üstünden,
zeýrenmesin gurçuk bolan köçede,
Kant aýdypdyr şuňa meňzeş bir pikir,
ýöne durmuş şeýle, şeýle adamlar,
o birleri gurçuk bolup süýrener,
beýlekiler gurjak bolar kim-kime,
daşdan allanäme, içinden bükür,
ýaşar adam, ýa ýaşajak bolar kän,
öz-özüni birleşdirip bilmez ol,
halys bolar bölünmekden ölmäkä,
bitewilik ýetdirmeýär ynsana,
pikir etse, dogan-dardaş, il bilen,
hiç bilmedik anyk näme etjegin,
haçan, nädip nirä baryp ýetjegin,
hem aňalýan birleşeliň diýýäne,
eger bolsa agzyndaky çöregin,
hatda soganyny alyp iýýäne.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024