Toý bagşysynyň azatlygy
Toý bagşysy boşadyldy türmeden,
begendi köpçülik, goňşy-golamlar,
bütin oba geldi gözüň aýdyňa,
geldi goňşy obalardan, şäherden,
aýdymyň muşdagy, sazyň muşdagy,
ýöne aýdýan, diýýänine eserdeň,
ortalykda mydar eden görünmän,
kesesinden garan bolup bu dünýä,
bolubilse bolup özünden kiçi,
öňe çykan çökse, güldürip için,
hem bilesi gelýän näme sebäpden
taşlandy ol munça ýyllap zyndana,
nämedi günäsi, eger bar bolsa,
ýa pidasy gep-gybatyň, töhmetiň,
bermelisin bermän, dözdümi jana,
ýa ýykdymy baýyň, begiň göwnüni,
garyplaryň toýun tutup ileri,
ahyrynda nädip çykdy sag-aman,
açlyga, kesele özün aldyrman,
ýa boşady berim berip, ýalbaryp,
eger-eger, hiç bir jogap bolmady,
soranam bolmady beýle soragy,
aslynda toý sowan, märeke sowan,
märekäniň özi ýaly ortahal,
soragsyz, jogapsyz ýaşapdy owal,
başy aşak partiýanyň öňünde,
iller ýaly bolup kysmata kaýyl,
öz-özüni tussag eden sakçysyz,
ýaşajakdy ýene, ýetdirse, şükür,
kanagat etjekdi, aýtjakdy aýdym,
goý, manysy bolsun, bolmasyn onuň,
esasy zyndana barmazlyk gaýdyp.