Düşünje bolmasa

Düşünje bolmasa, döwlet,
derejeli, durjak aýak üstünde,
gurup bolmaz, gurjak diýip,
hem ýokarda, hem aşakda,
köp bolar ýaşajak iýip,
biri-birin, il gözüne,
ar-namysly, penjek geýip,
biri öňki bolşewigi gaýtalar,
KGB-çi bolup, ilini gyrar,
beýlekisi öňki alla-hudaýçy,
toýa barar, ýasa barar,
gözi iliň namysynda, arynda,
düşünje bolmasa, seret yzyňa,
ata-babaň ýaly, kän döwlet guran,
balaksyza balak beren, at beren,
müner ýaly, gyrar ýaly özüni,
güýçlendiren ganymyny, ýagysyn,
gylyç beren duşmanynyň eline,
galarsyň, bil, ýol başynda, ýarynda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024