Akylly nesil

Olaryň atasy örän akylly,
olaryň enesi örän akylly,
babalary, mamalary akylly,
ejeleri, kakalary akylly,
barma diýýär gara gazan ýanyna,
nämämiş, ýokjakmyş garasy hökman,
barma diýýär hiç ýamanyň ýanyna,
nämemiş, ýarasy ýokjakmyş hökman,
üstesine, özleri hem akylly,
oda, suwa urup, ýansaň ýaraňy,
saramaga biri gelmez ýalňyşyp,
ýa tolkunlar alyp gitse, peşmek dek,
tüweleýe düşen, galgadyp, gapyp,
bagtyň çüwüp, bir adadan çykarsa,
ýüzi gülmez ýatlar gutarsa tapyp,
emma bilse alaryny, utanmaz,
puluň bolsa, geler ýüwürip, çapyp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024