Täzeden işlenen köne nesihat

Aýdylanmyş, oglan, ölmäkäň ýaşa,
kanunmyş bu ýazylmadyk hiç daşa,
ynan ilki doga-dileg etmäkäň,
diňle ozal gürlemäkäň uludan,
gazan düzüw sowmazdan öň puluňy,
ýazmazdan öň, belki, ýeňsäňi gaşap,
ýa gaşaman, pikir etseň bor gowy,
synan ilki çikilmäkäň ýan berip,
surata düş murtuň gaçmanka towy.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2022