Sesini çykarmaýanlara geregi

Diýýärler bir serhoş, uly ses bilen,
aýdym aýdyp, awtobusa münüpdir,
hem gaýtalap, size ýalan, maňa çyn,
gygyrypdyr: aýdyň kime ýakmasa,
men konsertim bes edeýin, adamlar,
emma hiç kim çykarmandyr jyňkyny,
soň ol diýen gülüp: ha-ha-ha, millet,
diýmek, size ýakýar şeýle aýdymlar,
bu dünýäde her kim geregin alar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024