Ýalan bizi bezeýärmi?
Ýalan seni bezeýärmi,
orta çykyp, gaýtalasaň,
tekrarlasaň, goýmasaň hiç,
ömür geçdi, diýmeseň giç,
iki sözüň biri galat,
gowy dälmi müň ýalandan,
bir dogry söz, çirksiz halat?
Bolmaýarmy dursaň indi,
görýän bar-a diýip sepim,
ýa üýşenseň açar diýip,
ýapan ýerim ýalan gepim,
pikir etme, bir-iki däl,
agzyň açsaň, tanar iliň,
ýalan seni bezemeýär,
näçe süňksüz bolsa diliň.
Her zat etdiň, bolmaýar hiç,
aýdýan ýokmy, o ýa biri,
ýa özüňe ýaraýarmy,
ölen bolsaň, bolup diri?
Aýdylan-a, kowalama,
şan-şöhrady, ýetjek bolup,
ol hiç kime ýetdirmeýär,
ýalan bilen, emel salyp,
gujagyna girseň ahyr,
biwepalyk edýär ertir,
göýä iki dilli Tahyr,
Bagdatdaky Mahym diýip,
taşlap gidýär Zöhre gyzy,
görmediňmi okap kitap,
nirä barýar şeriň yzy?
Dogry, bizi okatdylar,
baş gahryman birniň ady,
položitel - beýlekisi,
eýlekiniň kütek ýady,
halkyň huşy kelte bolýar,
ýöne ýalan gaýtalanyp,
çyn bolmady, saklanmady,
kim bolsa-da gyran, çapan,
medal alyp, aklanmady,
haýsy dony, telpek geýsin,
ogry bolup galýar ogry,
gaçyp çykyp gowakdan bir,
bakmarysmy aýna dogry?..