Gabyrdaky şakyrdy

Öň o taýda, atasy kim, belli däl,
ýetim ösen, garny doýsa, gözi aç,
garym-gatym edip çäji harpyga,
haramzada yglan etdi kim bolsa,
ganym bolup açyk sözün aýdana,
başga pikir, garaýyşly, görüşli,
töhmet atdy ýurtdan çykyp gaýdana;
indi bu taýysy hyň berýär, alla,
doga boldy iň hapa söz agyzda,
kim-kime dost, kime duşman, bilmersiň,
gabyrdaky gülýär, belki, şakyrdap,
hemem diýýär: biriň gaýdyp gelmersiň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024