Gözi açylan halkyň nesihaty
Aýdyjy akmak bolsa, diňleýji dana gerek. Türkmen nakyly
Şükür, halkyň gözi açyldy, bagşy,
sazandalar açdy ahyr il gözün,
belki, diýip besdir, hiçden giç ýagşy,
açyk aýdyp ýüz ýyl saklanan sözün,
ulus iliň derdin aýan etdiler,
düşündirip, ozal-ahyr bolmadyk,
Pyragynyň akylyna gelmedik,
sada dilde, galmaz ýaly armany,
şükür, indi okap, ýazyp, oýlanyp,
kelle döwüp ýörmek boldy bimany,
sebäbi bar eken altyn kelleli,
altyn dilli är-aýallar ölmändir,
oýardylar olar ili gaflatdan,
ýalpa gözün açdy köp ýatan millet,
ýadan bolsaň, aýagyňy uzyn sal,
başyň basyr, ýöntem etseler minnet,
jogap berjek bolma, nesihatym al,
tanaýar il kim nɑrsɪsɪst, kim maly
ýa şöhrady ogurlajak zyr däli.