Geçen we geljek
Geçeni geçdi bil diýýärler, emma,
geçen geçip ýa-da gaçyp gitmeýär,
gelýär ol yzyna täze don geýip,
geçir ýa-da ýitirim et, ýitmeýär,
goýbermeýär ýakasyny hiç kimiň,
adam ömür geçen bilen bilen ýaşaýar,
aladasyn edip geljegiň, dogry,
şu gününi taladýar ol düşünmän,
hem geçen, hem geljek, ikisem ogry.