Ýalan ýaşulular
Ýaşululaň ýagdaýyna düşüniň,
ak sakgalyn, telpegini har eden,
diýdi biri çyny bilen arada,
ýeke gidip bilmez dowzaha giden,
belli zad-a, ýoldaş gerek mara-da,
ýylana-da gerek ýagşysy sözüň,
aýtdyrmaly saly gowşak, kim bolsa,
üstesine bilýän ýaşaýyş näme,
açlyk näme, ot-ojaksyz öý näme,
arasynda garny doýan çalaja,
arak näme, börek näme, öwrenen,
biri golsuz arza ýazsa, ýigrenen,
çokunany partbiletli pygamber,
ozal stalinçi, soňra leninçi,
jähennem gorkusy gözünde galan,
ýaşululaň ýagdaýyna düşüniň,
olar nätsin ölüp-dirilmän ýalan?