Nomenklatura hassalygy
Agzy bolan gürläp biler, elbetde,
eger bolan bolsa eziji, egsik,
özün saýyp, belki, geljekki ketde,
ýykylanyn bilmän, gürledip puly,
aýdyp biler uzak agza gelenin,
ýöne hatda iki gulakly bolup,
adam mydam eşitmeýär, bilmeýär,
görmeýär ol gözli bolup, ýeke däl,
öňündäki görnüp duran zatlary,
agzy bolan gürläp biler, mes bolsa,
käte juda bulaşdyryp atlary,
eýe näme, habar näme kämahal,
sypat näme, işlik näme, aňşyrmaz,
ýa-da bilmez düşüm näme, näme hal?