Mamla bimamla

Men hemişe mamla boldum,
diýdi adam gülmän, yşman,
içen bilen içdim, dogry,
göre-bile, bolsa duşman,
gybat etdim, gybat bolsa,
töhmet atdym, töhmet bolsa,
nadaralyk etdim gelse,
saga gitdim, sola gitdim,
soramaň siz näme etdim,
ogurladym görmeseler,
aldap aldym, bermeseler,
hem ynanan boldum alla,
hökümete, iň ýamany,
ýalňyş ýola salan mydam,
syladym men, ýaşulular,
kim bolsa-da, tanap, bilip,
men hemişe mamla boldum,
diýdi adam, çala gülüp,
tarapymdan bir özümiň,
özüm bolsam kazy-kelan,
ýalany ýok hiç sözümiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024