Bagtyň syry
Bagtyň syry azatlykda, bilýärsiň,
a azatlyk berilmeýär 'al' diýip,
barmaly sen, uzatmaly eliňi,
tiken ursa, ertir elligiň geýip,
ýa-da ýeňiň çyzgamaly has beter,
azatlygy almaz öňýeten batyr,
arlasa men diýip, edemok heder.
Bagtyň syry, adam bolmak, bilýärsiň,
emma adam bolup bilmez her doglan,
çünki ýürek gerek adam bolmaga,
kelle gerek, iki gözli hem açyk,
gulak gerek çykanyny eşidýän,
ol agyzdan, bu agyzdan, eý, aman,
bagtyň syry dik durmakda, bilýärsiň,
duruşyň ýok, özüň ýoksuň, bigüman.