Ýigrenç ýesirligi

Ýigrenseň mugtuna ýa-da sebäpli,
edenliräk bolsa özüňden adam,
görýän bolsa görmedigiň hiç haçan,
meger, şonuň üçin kän şarpyk dadan,
sylaglyrak bolsa pikiri üçin,
ýa-da şeýle bolup görünse saňa,
gabansaň meýdanyn iki gün demiň,
garaňkyda, heniz ýol uzak daňa,
gözlärsiň, taparsyň gaty kän kemin,
görersiň tiz görüp bilmänin iliň,
gözüňe dürtülip ýüz sany delil,
hem görmersiň garşydakyň delilin,
ýa-da görüp, görmezlige salarsyň,
ýigrenseň keýpine ýa-da matlaply,
sen şol ýerde, ýigrenjiňde galarsyň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024