Guluň guly
Öň olaryň atalary synandy,
öň olaryň eneleri synandy,
synandy agalar, aýal doganlar,
soň özleri synandylar yz-yza,
emma näçe aýdym aýdyp, bat alyp,
tans etsinler ezijiniň öňünde,
gülen ýüzüň aşagynda gizlenen,
gülen gözüň aşagynda gizlenen,
agyny, gaýgyny gizläp bolmady,
birleriniň ogly gitdi ýat ile,
birleriniň gyzy gitdi ýat ile,
gelni gitdi, gitdi aýal dogany,
a gitmedik durdy nobata uzyn,
gowy, eger bolsa, çörek nobaty,
gowy, eger bolsa, çilim nobaty,
emma erbet günä geçiş nobaty,
türmäniň içinde, bolmasa puluň,
tans edipmi ýa-da etmän, zynjyryn
gyryp biler guluň guly?