Töhmet sapagy
Şyltak gowy başgalara atylsa,
näçe hapa bolsa, şonça-da süýji,
ýa sögülse ejesine özgäniň,
gör, nähili uly pesligiň güýji,
gördüm muny adamlaryň gözünde,
okadym ýüzünden köp kişiň, alla,
ýogsa gowy ynsanlardy daşyndan,
namazly, täretli, ýa şoňa meňzeş,
emma töhmet atylanda özüne,
içi gülen gömülýärkä keseki,
ýüzi ýanyp, urulan dek gözüne,
eli ýetse, çekjek, ýykjak asmany,
töhmet, meger, garramaýar adamlar,
özüne gelýänçä görmänsoň ony.