Il we tohum

Eger-de jemagat bolmasa taýyn,
eşitmese perýadyňy, dadyňy,
diňmeli bolarsyň, çagajyk ýaly,
garanjaklap ulularyň ýüzüne,
dawasyna mal-dünýäniň üstünde,
biri-birin taýyn bolan iýmäge,
hem gidersiň öz ugruňa, dogrusy,
tohumyň bar bolsa, sepersiň ýoluň
gyrysynda görseň amatlyrak ýer,
eder-eder, her kim özüne eder,
gider-gider, her kim özüne gider,
tohumyň bolmasa, sepmeseň ýere,
ilden däl, özüňden etmeli heder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024