Iliň güýji
Iliň güýji – siliň güýji, ýöne ol
goýulanda ile garşy ýüz ýyllap,
iliň özi bolsa özüne ýagy,
men-men diýip, emel ýeten gagyllap,
çöregine, namysyna däl diňe,
demligine dawa salsa iliniň,
ýerini gabanyp, gabanyp gögi,
eli ýeten ursa, ýyksa, bildirse
kimdigini, nämedigin ýadaman,
eli gysga dili bilen öldürse,
başga dowzah gerekmikä adama?