Bozugyň aladasy

Hyzmatdaşlar ikilikde,
özlerine, ile, dünýä,
özi bolup galsa biri,
gözüne, gaşyna münýär,
üýşüp ary üýşen ýaly,
biri sessiz, hiç zat diýmän,
otyr düşmän depesinde,
beýlekisi çekýär saga,
eýlekisi itýär çepe,
hyzmatdaşlar hyýanatda,
tekizleýär goýman depe,
bir özleri, bolmaly däl,
başga adam, başga ogul,
biri-birin ýek görse-de,
birleşdirýär içki dowul,
eger birden gözün ýumup,
ýatan bolman, oýansa il,
biz näderis diýip bozuk,
düzüw bilen tutuşýar bil,
şeýle boldy adam doglup,
gutulmarsyň gaçyp, sowlup.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024