Yzda galan ildeşe
Sen ne meni, ne-de özüňi ýigren,
iň esasy bahyllygyň bes et-de,
meniň geçen ýolum bilen gyzyklan,
okajak bol, düşünjek bol diýenme,
sanama-da näçe şarpyk iýenmi,
ýalňyşanym nirelerde näçeräk,
tasdan diňe nebis donun geýenmi,
soň nireden çykanymy, nägadar
mamla bolup, ýa bimamla seniňçe,
sen eglenen, galan ýeriň biljek bol,
bilýän ýa-da çen-çak edýän men muny,
meň üçin däl, özüň üçin geljek bol,
galmajak bol galan ýerinde iliň,
öz-özünden bizar, kyn bolar soňra,
synan barka heniz kuwwaty biliň.