Gowumy?
Seniň üçin aňsat, dogry,
para berip, baha almak,
para berip, girmek işe,
gowy, belki, kem-kem galmak,
ýokarlaryk, ýöne bular
şäher üçin gowumy?
Seniň üçin aňsat, dogry,
ogurlamak, eliň ýetse,
a tutulsaň, berim berip,
başga birin gorpa itseň,
ýa-da birden, sen sebäpli,
ýakyn, tanyş ölse, ýitse,
obaň üçin gowumy?
Dogry örän, süýji bala,
emma salsaň egri ýola,
gerek ýerne ýazyp haly,
soň talasa iliň malyn,
nebit-gazyn satsa, çalsa,
halkyň üçin gowumy?
Dogry, bilýän jogabyňy,
iller şeýle, menem şeýle,
emel ýeten şeýle edýär,
bu bir süri, oň öňünde
durjak bolan gorpa gidýär,
ýöne iliň, bütin millet
gorpa gitse, gowumy?