Milli dereje

Sözüň azatlygy näme,
näme pikir, görüş, başgaça biraz,
ne-hä bilýär depä çykan, baýdakly,
ne-de onuň içi, daşy, göterim,
ne ýazyjy, şahyr bilýär, ordenli,
ýa-da merdi her tiräniň, her ýeriň,
göreşiji, bir ýerlerde, derede,
bir bolçulyk – nälet bilen kemsitme,
paýyn alýar arasynda bajysy,
bagyşlasyn, ölen, diri ejesi,
megerem bu tötänlik däl, milletiň
gelen ýeri YouTube tapan gijesi,
alajy ýok, nirde bolsun, dymmasa,
açýar ili derejesi.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024