Adam sapagy
Sen adamy adam saýman ýalňyşma,
sen adamy adam saýyp ýalňyşma,
aralygy saklajak bol mydama,
ne ýakyn bar, ne daşda dur, gowyny
äsgermezlik etme, deň bolmaz diýip,
ýüzi ýyrtyk bolsa, gürleňgüjük dek,
yza tesme sözüň, ýüzüňi iýip,
eger adam bolup dogulan bolsaň,
adam ýaly ýaşajak bol dik durup,
sümer ýaly deşik gözleme ýerden,
hem özüňi, ili öwren ölýänçäň,
tanamasaň, gözüň açylmaz şerden.