Surat

Ol ýa bu

Özüň bol-da, öz üstüňde ýaltanman,
işle özüň üçin, özge üçin däl,
garaşma-da tarypyna hiç kimiň,
tankydyna iň esasy, sebäbi
özgeler däl, özüň bilersiň özüň,
görersiň öňürti kemiň hem köstüň,
açylan ýeriňi ýaparsyň derrew,
düzelersiň düzüw bolsa niýetiň,
bolmasa, öňdäkiň gepin edersiň,
iň yza galanyň yzyndan ýetip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024